9-njy aprelde Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen döredilen iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan, edara-kärhanalaryň toparlaryndan, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryndan we ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowşan tekliplere seljerme berildi. Şunda Esasy Kanunyň kämilleşdirilmegi babatda halkara hukugyň kadalaryna we daşary ýurtlaryň oňyn tejribesine aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşanlar bu kanunyň kabul edilmeginiň halkymyz üçin taryhy waka hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimiziň konstitusion taýdan ösüşinde täze möhüm tapgyr boljakdygy barada bir pikirde boldular. Maslahatyň barşynda bu ýere ýygnananlar iş toparynyň işiniň, şol sanda wagyz-düşündiriş işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly anyk wezipeleri kesgitlediler.