Brýus Li söweş sungatynyň häzirki meşhurlygyna ýetmegine goşan goşandy üçin MMA-nyň öňdebaryjylaryndan biri hasaplanylýar. Meşhur aktýor öz söweş ukybyny uly ekranda “Gazap ýumrugy”, “Aždarhanyň ýoly”, “Aždarhanyň çykmagy”, “Ajal oýny” we başga-da ençeme filmlerinde görkezdi.
“Lenta.ru” -nyň habaryna görä, öňki garyşyk söweşiji Çail Sonnen ýyldyz aktýoryň häzirki zaman MMA başa-baş söweşinde aýak üstünde saklanyp biljegine şübhelenýär. Ol bu babatda Brýus Liniň şu günki günde hiç hili mümkinçiliginiň bolmajakdygyny aýtdy, şeýle-de bolsa, meşhur aktýoryň söweş sungatynyň ösmegine goşan uly goşandyny belläp geçdi.
Sonneniň özi UFC-de we Bellatorda çykyş edipdi, şeýle hem UFC çempionlyk guşagynyň dalaşgäridi, ýöne ol Anderson Silwa bilen geçirilen söweşde ýeňlip, guşakdan el üzmeli bolupdy.