Bilýän bolsaňyz, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson koronawirusyň ýokuşanlygy sebäpli 6-njy aprel güni Londondaky Sent-Tomsan hassahanasyna ýatyryldy. Ol ilkinji gezek 27-nji mart güni koronawirus alamatlaryny özünde duýupdy. Bu barada ol twitterdäki sahypasynda habar beripdi we wezipesini öý şertlerinde ýerine ýetirjekdigini aýdypdy. Emma on gün geçenden soň hem keseliň alamatlary ýok bolmanyndan soň, 55 ýaşly Premýer ministri hassahananyň janlandyryş bölümine ýerleşdirildi.
Häzirki wagtda bolsa Premýer ministr janlandyryş bölüminden palata geçirildi. Ol bejerginiň deslapky birinji tapgyryny güýçli gözegçiligiň astynda dowam etdirer. Jonsonyň ýörite metbugat wekiliniň aýtmagyna görä:” Boris Jonson üç günüň dowamynda bejergileri ätiýaçlygy elden bermezlik maksady bilen janlandyryş bölüminde alýardy. Häzir onuň özüni duýuşy öňkülere garanda has gowy.”
Jonsonyň koronowirus sebäpli hassahanada ýatan wagtynda Beýik Britaniýanyň Premýer ministri wezipesini wagtlaýynça Daşary işler ministri Dominik Raab alyp barýar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.