Google-yň esaslandyryjylary diňe bir interfeýsiň däl, eýsem mobil operasiýa ulgamynyň goragyny hem yzygiderli kämilleşdirýärler. «Android 11-iň» deslapky gurnama kodunda ýüze çykarylan ýene bir täzelik – smartfon öz eýesine şahsy maglumatlary ogurlamak üçin mikrofon we gadget kamerasy arkaly amala aşyrylýan içaly programma üpjünçiliginiň öňüni almaga mümkinçilik berer.
Maglumat torlarynda aýdylmagyna görä, «Android 11» enjamyň kamerasy we mikrofony üçin giriş hukuklarynyň şuňa meňzeş düzedilmegini goldaýar: eger-de “diňe ulanylýan mahalynda” opsiýasy saýlanylsa, programma gadjetiň eýesini fon ýagdaýynda işläp yzarlap, ýagny «içalylyk» edip bilmez. Şeýle hem, programmanyň şol wagt ulanmak üçin «bir gezeklik işletmek» sazlamasyndan peýdalanmaga mümkinçiligi bolar. Bu ýagdaýda, ony her gezek işletjek bolnanda, hökmany suratda täzeden tassyklamaly bolar. Bu bolsa, öz gezeginde, diňe mahabat berijiler üçin gizlin maglumatlaryň elden çykarylmagyny çäklendirmek bilen çäklenmän, eýsem ulanyjyny fonda işlemek bilen gözegçilikde saklap biljek zyýanly programmalaryň – «içaly programma» işjeňliginiň hem öňüni almakda uly ädim bolar. Işläp düzüjiler tarapyndan «Android 11-iň» soňky wersiýasynyň çykaryljak takyk senesi heniz yglan edilmedi. Häzir bu mobil operasiýa ulgamy deslapky synag tapgyrynda.