Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu işler ilki bilen çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.