Şwesiýaly oýunçy bilen klubuň baş direktorynyň arasynda gapma-garşylyk ýüze çykýar: Ibrahimowiç toparyň esasy oýunçysy bolmak isleýär, ýöne Gazidisiň başga meýilleri bar – diýip, “La Gazzetta Dello Sport” ýazýar.
Çeşmäniň habaryna görä, 38 ýaşly hüjümçi Rossoneri ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmelerden nägile, şwesiýaly futbolçyny esasy oýunçy hökmünde görmeýän baş direktor Iwan Gazidisiň syýasatlaryndan hem kanagatlanmaýar. Ilkibaşda direktorlar Zwonimir Boban bilen Paolo Maldini toparda oýny Ibranyň töwereginde gurmagy meýilleşdirilipdi, ýöne olaryň birinjisi eýýäm klub bilen hoşlaşdy, ikinjisi-de şeýtmäge juda ýakyn.
“Milandakylar” hüjümçiniň wekilleri bilen ýakyn wagtda ýüze çykyp biljek konflikti ara alyp maslahatlaşmaga taýyn. Şwesiýaly futbolçynyň töweregindäkiler bolsa onuň ýolbaşçylaryň teklibini kabul etmejekdigine we topardan çykjakdygyna ynanýar.
Zlatan Milana gyşda alty aý şertnama baglaşyp, erkin agent hökmünde gaýdyp gelipdi. Bu möwsümde Ibrahimowiç sekiz oýunda meýdança çykdy we üç gol geçirdi.
Geçen hepde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şwesiýaly oýunçynyň ö karýerasyny tomusda tamamlamagy meýilleşdirýändigini ýazdy.