3D obýektler bilen baglanyşykly geometriýa meselelerini çözmegiň iň gowy usuly, şol obýekti üç ölçegde görmekdir. Kagyz işinde ýatda saklaýan düzgünlerimiz we formulalarymyz bolsa-da, çözgüdi düşünmek üçin obýektiň özüni görmek has möhümdir we ýatda galyjydyr. «GeoGebra 3D Calculator» atly programma üç ölçegli obýektleriň çözülmegini aňsatlaşdyrýar.
Hem «App Store»-dan, hem «Google Play Store»-dan mugt alyp boljak «GeoGebra 3D Calculator» programmasyny ulanmak üçin agza bolmak zerurlygy ýok. Programmany telefonyňyza ýükläniňizden soň, gönümel ulanmaga başlap bilersiňiz. Ilki bilen programmany ulanmak üçin kamera girmegine rugsat bermeli. Soňra, giňeldilen hakykatyň kömegi bilen, bir ýeri kesgitlärsiňiz we şonuň üstünde islendik 3 ölçegli geometrik obýektiň hasap işlerini amala aşyryp bilersiňiz.
Giňeldilen hakykat bilen meseläni çözmek
Üç ölçegli matematika meselelerini has aňsat çözmäge kömek edýän programma, grafika we üç ölçegli geometrik gurluşlary döretmäge mümkinçilik berýär. Soňra netijeleriňizi özüňize göçürip, beýlekiler bilen paýlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem, programmadaky kalkulýatoryň kömegi bilen köp kyn matematika meselelerini çözüp bilersiňiz. «GeoGebra 3D Calculator» trigonometriýa ýaly ugurlarda meseläni çözmegi aňsatlaşdyrýar diýip bileris.

«GeoGebra 3D Calculator»-y iOS enjamlaryňyz üçin «App Store»-dan we android enjamlaryňyz üçin »Google Play»-dan özüňize ýükläp bilersiňiz.

«Newashgabat».