Beýik Britaniýanyň iň uly maşgalasynyň 45 ýaşly mährem enesi Sýu Redford 22-nji gyz perzendini Lankaster şäherindäki döwlet hassahanasynda dünýä inderdi. Bu hakynda “Daily Mail” neşiri habar berýär. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, çagajyk sagdyn we 3,2 kilogram agram bilen doglupdyr. Häzirki wagtda Sýu Redford maşgaladaky 11-nji gyza 49 ýaşly ýanýoldaşy Noel bilen at saýlaýar. Bu barada olar: “ Koronawirus sebäpli ýüze çykan ýagdaýlary nazarda tutmaklyk bilen biz häzirki wagtda dogulanlyk hakyndaky şahadatnamany alyp bilmeýäris” diýýärler. Redford koronawirus pandemiýasy döwründe çagasyny dünýä getirmeklige gorkandygyny hem aýdýar. Ol: “ Men ilkinji nobatda Noeli ýanyma goýmazlar diýip howsala düşdüm. Ýöne pandemiýanyň üstümize howp salyp duran pursatlarynda gyzjagazymy dünýä inderenimde men adatdan daşary duýgulary başdan geçirdim. Bu meniň üçin uly tejribe boldy diýsemde ýalňyşdygym bolmaz” diýip belleýär. Maglumat hökmünde şulary hem aýdyp geçsek bolae diýip oýlaýarys. Köp çagaly Redfordlar maşgalasy Angliýanyň Morkam şäherindäki on otagly ýaşaýyş jaýynda ýaşaýarlar. Olaryň iň uly perzendi Kristofer 30 ýaşynda. Kristofer we onuň 26 ýaşly uýasy Sofi ata-enelerinden aýratynlykda ýaşaýarlar. Sofi durmuşa çykan bolup, onuň iki gyzy we bir ogly bar.

Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby