Koronowirus Hytaýda döräp, soňra Taýlanda, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, ABŞ ýaýrap, ondan soňam dünýäniň çar künjünde görüldi. 3-nji aprelde bütin dünýäde 1 milliondan gowrak adama ýokuşandygy mälim edildi. Şeýle-de bolsa, öz çäginde koronowirusyň pidalarynyň ýokdugyny yglan eden ýurtlar bar.
BBC-niň habarçysy Owen Amos bu ýurtlaryň arasynda iň köp çäreleri gören we wirusyň geografiki taýdan ýaýramagy kyn bolan ýurtlary gözden geçirdi.
18 ýurtda koronowirus ýok.
Birleşen Milletler Guramasynda 193 garaşsyz ýurt hasaba alyndy. Şol ýurtlaryň 18-si öz topraklarynda şu güne çenli koronawirusynyň ýüze çykmandygyny mälim etdi. Ine, şol ýurtlar:
Günorta Sudan, Komor adalary, Kiribati, Demirgazyk Koreýa, Lesoto, Marşal adalary, Mikroneziýa, Nauru, Palau, Samoa, Sao Tome we Prinsipi, Solomon adalary, Täjigistan, Tonga, Türkmenistan, Tuwalu, Wanuatu we Yemen.
Bilermenleriň teswirleri:
Bilermenler bu ýurtlaryň käbirinde resmi taýdan yglan edilmedik ýagdaýlaryň bardygyny aýdýarlar. Mysal üçin, Demirgazyk Koreýa we birnäçe ýyl bäri uruş görüp gelýän Yemen. Şeýle-de bolsa, kiçi ada ýurtlarynda wirusyň entek görülmändigi hakykata ýakyn. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, bu ýurtlaryň aglabasy dünýäde iň az syýahatçynyň barýan ýurdy bolyp durýar. Bu ýurtlaryň käbirinde öňüni alyş çäreleriniň ýokary derejede geçirilendigi hem aýdylýar.

«Newashgabat».