ABŞ-da korona wirusynyň iň köp täsir eden şäheri bolan Nýu-Ýorkuň haýwanat bagyndaky gaplaňyň testlerinden korono wirusynyň alamatlary ýüze çykaryldy.
Nadia atly dört ýaşly malaýziýa gaplaňynyň koronawirusa uçran ilkinji gaplaňdygy aýdylýar. Haýwana bu keseliň haýwanat bagynyň gözegçisinden ýokuşandygy mälim edildi.
Haýwanat bagynyň düşündirişine görä, Nadia we beýleki bäş ýolbarsda dem alyş kynçylyklaryny görkezýän synaglar geçirildi. Netijede, Nadianyň testi pozitiw çykdy. Haýwanat bagynyň beýleki haýwan görnüşleriniň arasynda başga pozitiw ýagdaý tapylmady.
Ýolbarslaryň weterinariýa gözegçiligindedigi we işdäsizlikden başga alamatlaryň ýokdugy mälim edildi. «Gaplaňlarda keseliň nähili geçjekdigini bilemzok, çünki dürli görnüşler haýwanlar wirusa başgaça täsir görkezip bilýär. Emma olara gözegçilik etmegi dowam etdireris we doly gutular diýip umyt edýäris» diýip, haýwanat bagynyň agzasy aýdýar.
Gürrüňi edilýän «Bronks» haýwanat bagynyň epidemiýa sebäpli 16-njy martdan bäri ýapykdygyny ýatladýarys.

«Newashgabat».