Dünýädäki ähli ýurtlar görlüp-eşidilmedik günleri başdan geçirýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň iň ýönekeý we iň netijeli usuly sosial aralygy saklamak, öýde bolmak we köpçüligiň üýşmeginiň öňüni almakdyr.
Sosial aralygy saklamak babatda iri kompaniýalar hem ýygy-ýygydan adamlary goldaýarlar. Nemes awtoulag öndürijileri «Audi» we «Volkswagen»-den soň, «Mersedes-Benz» hem sosial aralyk tejribesini goldamak üçin logotiplerini üýtgetdiler. «Mersedes-Benz» sosial aralyk nyşanynyň tendensiýasyna goşulan iň soňky markalaryň biridir. Awtoulag öndürijisi täzeden işlenen logotipini «Facebook»-a ýükledi.
Lýuks awtoulag ägirdi «Mersedes-Benz» üç burçly ýyldyzyň göwrümini birneme kiçeltdi. Şonuň üçin ýyldyz bilen töweregindäki halkanyň arasynda belli bir aralyk galdy. Bu bolsa adamlary sosial aralygy saklamaga çagyrylýandygyndan nyşan bolup durýar.

«Newashgabat».