Italiýanyň Biella şäherinde ýaşaýan 104 ýaşly Ada Zanusso korona wirusyny ýeňdi (Covid-19). Zanusso 1918–1920-nji ýyllar aralygynda bolup geçen ispan wirusyna hem ýolugyp, ony-da ýeňmegi başarypdy.
Korona wirusynyň iň köp zyýan çeken ýurtlaryndan biri bolan Italiýanyň Biella şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýan 104 ýaşly Ada Zanusso 17-nji martda ýarawsyzlygy zerarly keselhana ýerleşdirildi. Barlaglaryň netijesinde garry zenanyň koronawirusyna uçrandygy anyklandy. Mundan ozal, onuň bolýan garrylar öýünde ýaşaýan adamlaryň 20-si koronawirus sebäpli ýogalypdy.
Zanusso keseli ýeňmek bilen, dünýäde korona wirusyny ýeňen iň garry adam boldy. Lukmanlar onuň sagalmagyny gudrat hökmünde görýärler. 104 ýaşynda koronowirusyny ýeňmek bilen, Zanusso köp adamlaryň kalbynda umyt yşygyny ýagtylandyrdy. Zanusso 1918-1920-nji ýyllar aralygynda ýüze çykan ispan wirusynda hem başdan geçirn keselini ýeňmegi başarypdy. Şol bir wagtyň özünde, Zanusso bir ömründe iki howply wirusy ýeňen adam hökmünde hem nusgalyk bolup durýar.

«Newashgabat».