Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň “Ynsanperwerligiň, dostlugyň we parahatçylygyň ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýan halkara baýramlarynyň biri hem Bütindünýä Saglyk günüdir” – diýen ajaýyp taglymynda mukaddes Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli ýörelgelerini ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan çäreleriň baý mazmuny bilen utgaşdyrmagynda diýseň uly many bardyr. Çünki, milli Liderimiziň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly ajaýyp kitabynda bellemegine görä, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň göreldesiniň sportda bolmagynyň, sportuň parahatçylygy dabaralandyrýan şygarlaryň ýürege ýakyny saýylmagynyň özi baky Bitaraplygymyzyň parahatçylyk, hoşniýetli dost-doganlyk, birek-birege ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly milli ýörelgeleriniň düýp esas özünini düzýär. Diýmek, Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täsin kitabynyň adyndan hem mälim bolşy ýaly, bu ajaýyp eseriň mazmuny sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň hukuk kadalaryna laýyk gelýändigini örän çeper ylmy teswirlemeler esasynda anyk-aýdyň beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, milli Liderimiz gürrüňi edilýän kämil kitabynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän şanly senäniň özüniň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly Watanymyzda adamyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly baýlygydyny nobatdaky gezek subut edip, halkymyzyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine gönükdirilen döwrebap, oňyn ýörelgä öwrülendigini uly buýsanç bilen belleýär. Munuň özi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň milli ýörelgelerine laýyklykda döwletimizde sagdyn jemgyýeti berkarar etmeklik üçin adamlaryň ýaşaýşy, zähmeti, dynç alşy, döredijilik we aň-bilim taýdan öz mümkinçiliklerinden peýdalanmagy, sport bilen meşgullanmagy babatda has göwnejaý şertleriň döredilýändigini görkezýär. Garaşsyz Watanymyzda älhihalk bähbitli bu döwletli işiň örän giň gerime eýe bolmaklygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň çagalar gaznasy bolan ÝUNISEF bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti diýseň uludyr. BMG-niň bu iri guramasy bilen biziň ýurdumyzyň gatnaşygy döwletimiziň baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmaklygynyň yzysüre, 1995-nji ýylyň ahyrynda hyzmatdaşlyk etmegiň bäş ýyllyk maksatnamasyna gol çekilmeginiň esasynda başlady. Hyzmatdaşlyk etmekligiň bu maksatnamasyna laýyklykda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak baradaky işleri üzül-kesil güýçlendirmek zerurlygy bellenildi. Ýurdymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň çäklerinde BMG-niň çagalar gaznasy bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň has giň gerime eýe bolup, Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolandygyny bütindünýä ykrar edýär. Munuň özi bol-sa döwletimiziň BMG-niň bu guramasy bilen has uzak möhletleri nazarlaýan hyz-matdaşlyk maksatnamalaryny baglaşmagyna esas boldy. Biziň ýurdumyz bu gura-manyň çäklerinde «Türkmenistanda eneleriň, täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň” 2016 – 2019-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy bilen iş meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Häzirki wagtda bolsa 2016 – 2020-nji ýyllar üçin “Pediatriýa, ösüş we irki goşulyşma” maksatnamasyny, şeýle-de çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we “Çaga hoşniýetli garaýan hassahana” diýen derejäni ornaşdyrmak boýunça maksatnamany örän giň gerimli işler bilen amala aşyrýar. BMG-de ÝUNISEF-iň hem-de BSGG-niň 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän “Dünýä inen her bir çaga” diýen maksatnamasy boýunça ählumumy başlangyjynyň hem Türkmenistanyň teklibi boýunça kabul edilmegi, mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň bütindünýäde barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmeklikde BMG-niň Daşky gurşaw goramak maksatnamasy bolan ÝUNEP bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Milletleriň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly 4 sany global Konwensiýasy – Biologik dürlülik hakyndaky, Klimatyň üýtgemegi hakyndaky, Çölleşmä garşy göreş hakyndaky, Ozon gatlagyny weýran ediji jisimler hakyndaky Konwensiýalary hereket edýär. Bu konwensiýalaryň esasynda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Howa giňişligini goramak hakynda», «Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda» we başga-da ençeme kanunlar kabul edilip, Watanymyzda sagdyn jemgyýeti mundan buýana-da berkarar etmeklik maksady bilen daşky gurşawy goramak işi döwlet ähmiýetli derejä göterildi. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň başlangyjy gollanylyp, tutuş ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmaklyk maksady bilen her ýylyň 3-nji iýunyny bütindünýä welosiped güni diýip ykrar edilmegi hem biziň ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk derejesine hemişe ygrarlydygyny görkezýär. Diýmek, Gahryman Arkadagymyzyň özüniň pähim-parasada ýugrulan Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem, tutuş ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmeklik baradaky taýsyz tagallasy bütindünýä jemgyýetçiligini özüne çekýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýe, sport boýunça ýaýbaňdyrylan hereket ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemeklikde-de wajyp ähmiýete öwrülip, bu neslimiziň oý-pikirine we dünýägaraýşyna oňyn täsirini ýetirmeklikde hem-de olaryň saglygyny berkitmek-likde has netijeli usullaryň biri bolup durýar.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy