Ylym jemgyýetiň aýrylmaz bir bölegidir. Çünki häzirki döwürde ylym dünýäniň ösüşine iň uly täsir ýetirýän esasy çeşme bolup, ol ynsanyň durmuşyny
günsaýyn döwrebaplaşdyrýar. Häzirki wagtda ýaşlary ylma höweslendirmek, Watanymyzy jany-teni bilen söýýän başarnykly, giň gözýetimli hünärmenleriň we ylmy işgärleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu barada Hormatly Prezidentimiz hem “Innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň täze ylmy işläp
taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär" diýip bellenilýär [1, 352 s.]. Türkmen jemgyýetiniň ykdysady, ruhy, medeni tarapdan galkynýan we
özgerýän döwründe şekillendiriş sungatynyň hem tutýan orny wajyp ähmiýete eýedir. Ol jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda hem-de adamlaryň
dünýägaraýşynyň giňemeginde aýratyn häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. “Köp alymlar sungatyň adamy taplamakda aýratyn ornunyň bardygyny belleýärler” [2,
213 s.]. Adamlar sungat eserlerine tomaşa we syn etmek bilen, durmuşda söz bilen beýan edip bolmaýan köp zatlara göz ýetirip, olardan ruhy lezzet alýarlar.
Sungat – adamyň ruhy dünýäsine uly güýç we täsir ediji serişdedir. Ol öz gezeginde filosofiýa, taryh, arheologiýa, sungaty öwreniş, estetika baradaky
ylymlar bilen berk baglanyşýar. Adam durmuşynyň özenine siňen sungat irki döwürlerden başlap jemgyýet bilen bile hereketde bolupdyr. Ol adamlaryň
ýaşaýşynyň maddy derejesini ýokarlandyrýan, at-abraýyny galdyrýan, onuň durmuşynyň ösüş ýollaryny kesgitleýän çeşmeleriň biri hökmünde hyzmat edip
gelýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem sungatyň dürli ugurlary boýunça talyp ýaşlara çuňňur bilim berlip, sungatyň görnüşlerini düýpli
öwretmek, olary tejribede amaly usullarda ýerine ýetirmek işleri giňden ösdürilýär. Alnyp barylýan okuw derslerini umumy we amaly usulda özleşdirilip, sungatyň
taryhynda bolup geçýän ösüşler, dürli akymlar, sungat baradaky düşünjeler kompýuter tilsimatlary arkaly slaýdlar, suratlar, dürli filmler, görkezme esbaplar
bilen üpjün edilýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň “Amaly-haşam” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlary we talyplary türkmen sungatynyň
nazaryýetini we ösüş ýollaryny içgin öwrenmekde hem-de ony halka ýaýmakda özleriniň ygtybarly goşantlaryny goşýarlar. Halypa mugallymlar tarapyndan
“Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhy” (2013), “Çeper döredijiligiň psihologiýasy” (2016), “Çeper tankyt sungatynyň amallary” (2010),
“Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty” (2011), “Gadymy dünýä sungatynyň taryhy” (2016), “Reňkler bilen surat çekmek” (2011), “Nurmuhammet
Ataýew” (2016), “Baýramdurdy Nuryýew” (2017), “Annadurdy Almämmedow” (2017), “Halypa we şägirt” (2011), “Türkmenistanyň milli nakgaşçylyk mekdebiniň ilkinji ädimleri” (2018), “Türkmenistanyň amaly-haşam sungaty” (2019), “Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy” (2019) ýaly birnäçe okuw kitaplary, gollanmalary, albomlardyr-kataloglary taýýarlanylyp, olar sungatymyzyň ösüş ýoluny seljermäge we onuň ähmiýetini ylmy tarapdan kesgitlemäge giňden mümkinçilik berýär. Bu kitaplarda şekillendiriş sungatynyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdan ösüş ýoly, halkymyzyň çeper, amaly-haşam, nakgaşçylyk sungaty, belli suratkeşler, heýkeltaraşlar, binagärler, taryhy-medeni ýadygärlikler barada täsirli pikirler, maglumatlar berilýär. Nakgaşçy suratkeşler ylym nazaryýetine aralaşmak özleriniň döredijilik işlerini amal edýärler hem-de özleriniň başarnyklaryny, düşünjelerini öz eserlerinde görkezmäge çalyşýarlar. Olar tebigatyň gözelliklerini, dürli reňkleriň sazlaşykly gurluşyny, durmuşdaky köptaraply pursatlary, adamlaryň giň dünýa garaýyşlaryny, watanymyzyň batly depginler bilen ösüşlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda beýan edip, dürli sergiler arkaly halk köpçüligine ýetirýärler. Şeýle talaplar esasanam ýaş suratkeşleriň giň pikirli, çuň düşünjeli we baý dünýägaryşly döredijilik adamlary bolup ýetişmeklerine giňden ýardam berýär. Häzirki günlerde türkmen sungaty ägirt ösüşleri başdan geçirip kämillige tarap barýar. Suratkeşlerimiz millilige, taryhy temalara, däp-dessurlarymyza degişli birnäçe täze-täze eserleri döredýärler. Türkmen şekillendiriş sugatynyň taryhyndaky bu ösüşler halkymyzyň ruhy medeniýetiniň has-da baýlaşmagyna täsir edip, onuň ösüş tapgyrlaryny ylmy taýdan seljermäge, dürli akymlaryň täsirini kesgitli öwrenmäge borçly edýär. Şu wezipelerden ugur alyp, özümiziň täze taryhymymyzyň sungatyny dünýa aýan etmek we ylmy taýdan öwrenip ýaş nesillerimize ýetirmek biz sungaty öwrenijileriň esasy borjudyr.

Göwher Saparmyradowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty