Raýatlarymyzyň saglygyny goramagy döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýry-aýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynynyň şertnamasyny baglaşmagyň tertibini düzgünleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň biri Türkmenistanyň  Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul eden “Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakyndaky” kararydyr. Bu karara laýyklykda şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek, “Saglyk” döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda günüň-gününe ýokary derejedäki ulgamlaýyn we giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2018-2022-nji ýyllarda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça, 2018-2024-nji ýyllarda alkagolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça täze milli maksatnamalaryň hem-de Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatda 2018-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň kabul edilmegi bu  aýdylanlara aýdyň mysal hökmünde görkezip bileris. Türkmenistanyň mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirilen dördünji mejlisinde “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň we ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň saglygyna ýaramaz täsir edip bilýän spirtli içgileri ulanmagyň tertibini düzgünleşdirmekde, ýaşlary alkogolyň zyýanly täsirlerinden goramakda, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ösen jemgyýeti alkogolyň ýaramaz täsirlerinden azat ýagdýynda gurmaga hyzmat etmelidir.

Ýurdumyz tarapyndan “Aşgabat Jarnamasynyň düzgünlerini amala aşyrmak –Ýewropa sebitini temmäki tüssesinden azat etmek” atly taslamanyň maliýeleşdirilmeginiň çäklerinde “Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeler yzygiderli çözülýar.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň we çagalaryň saglygyny berkitmek, enäniň we çaganyň saglygyna halkara talaplaryna laýyklykda baha bermek usuly ýurdumyzyň amaly lukmançylygyna ornaşdyrylýar. Çagalaryň irki bäbeklik döwründe ýüze ýykyp biljek sökellikleriň öňüni almak maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň çaga dogrulýan bölümlerinde bäbeklerde dogabitdi kemislikleri anyklamak we olary netijeli bejermek boýunça “Neonatal skrining” barlaglary ýola goýuldy. Bu barlaglaryň geçirilmegi netijesinde hünärmenler topary tarapyndan seljerme işleri geçirildi. Çagalarda duş gelýän kerrewlik, süýjüli diabet keselleriniň öňüni almak we ony bejermek boýunça iş meýilnamasy işlenilip düzüldi.

Saglygy goraýyş pudagynyň öňünde çözülmesi iň bir derwaýys meseleleriň biri bolup durýan inçekesele hem-de ýokanç däl kesellere garşy göreşmek hem-de onuň öňüni almak babatda hem döwletimiz tarapynda giň gerimli işler ýola goýulýar. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlere baha bermek üçin 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ilatymyzyň arasynda “STEPS” barlaglarynyň geçirilmegi bu maksatly işleriň dogry we doly wagtynda amala aşyrylýandygyndan habar berýär. Ýene bir belläp geçmeli zatlaryň biri hem 2018-nji ýylyň 26-27-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork  şäherinde geçirilen 73-nji maslahatynda inçekeseli aradan aýyrmak hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşmagy we bu duşuşyklarda özüniň peýdaly hem-de netijeli tekliplerini orta atmagynda boldy. Ady agzalan çäreleriň yzygiderli hem-de netijeli dowamy hökmünde 2019-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabatda ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň “Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi” atly II ýokary derejeli maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi boldy diýsek ýalňyşdygymyz bolmaz.

 

Toýly Muhammetdurdyýew.   

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.