Dünýädäki iň uly awtoulag öndürijisi «Volkswagen» koronawirusynyň epidemiýasy sebäpli ilki bilen Germaniýadaky zawodlarynda önümçiligini 5-nji aprele çenli bes edendigini habar beripdi. Şeýle-de bolsa, geçen hepde şereketiň beýanynda bu möhletiň 9-njy aprele çenli uzaldylandygy aýdyldy. Ýakynda bolsa «Volkswagen» önümçiligine arakesme bermegini 19-njy aprele çenli dowam edýändigini mälim etdi.

Markanyň beýanynda «Biz gaýtadan önümçilige başlamak üçin güýçli taýýarlyk görýäris. Işgärleriň saglygyny goramak işleri hasam giňeldildi» diýilýär. Şeýle hem, önümçiliginiň menejeri Andreas Tostmann: «Önümçiligiň kem-kemden ýokarlanmagy üçin giňişleýin meýilnamalaryň üstüne işleýäris. Bu meýilnama önümçilik ulgamyndaky işgärleriň arasynda arassaçylyk we sosial aralyklar babatynda bökdençlikleriň döremeligini öz içine alýar» diýdi.

Bu markanyň umumylykda 80 müň işgäri bu ýagdaý sebäpli häzirki wagtda öýlerinde…

«Newashgabat».