Ministrler Kabinetiniň 3-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynyň, şeýle hem telekeçilik ulgamynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmalydygyny, zerur bolanda durmuşda has gerek önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmelidigini nygtady.

Şeýle hem milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine berk gözegçilik etmek barada görkezme berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz gysga wagtyň içinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermegiň çärelerini işläp taýýarlamagy hem-de hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmelidigini belledi.