3-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Öwezow ýanwar — mart aýlarynda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde häzirki wagtda howa ulaglarynyň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe mümkinçiliklerine jikme-jik seretmegi tabşyrdy.

Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagy mümkin. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.