Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça nebitgaz toplumynda esasy görkezijileriň ýerine ýetirilendigine garamazdan, olaryň käbiriniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgininiň peselendigini aýtdy.

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz toplumyň öňünde goýlan möhüm meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek we konsernleriň önümçilik işini dünýäde uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy bilen bagly ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin gaýra goýman, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Bu toplumlaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak arkaly daşary ýurt maýa goýujy ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir.

«Türkmengaz» döwlet konserni boýunça önümçiligiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň we gazhimiýa önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça täze bazarlary öwrenmegi, önümleri ýerlemekden ýurdumyza gelip gowuşýan gyzyl puldaky serişdeleriň meýilnama laýyklykda alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz täze gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa toplumlarynyň ykdysady taýdan netijeliligini esaslandyrmak üçin ýörite barlaglary geçirip, teklipleri bermegiň möhümdigini nygtady.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça nebitiň, kondensatyň we dag magdanlarynyň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin meýilnamalarda göz öňünde tutulan işleri doly hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçip, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny düýpli öwrenmegiň, marketing barlaglaryny geçirip, bazarlarda isleg bildirilýän önümleriň sanawyny kesgitlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümleriniň bahasy pese düşen häzirki döwürde bu önümleri ýerlemegiň amatly bazarlaryny gözlemegiň zerurdygyny aýtdy.