Alymlar bütin dünýäde çalt ýaýraýan koronawirus epidemiýasyna garşy möhüm gözlegleri amala aşyrýarlar. Ýakynda bolsa Karnegi Mellon uniwersitetiniň hünärmenler topary ses analizi arkaly koronowirusyň alamatlaryny anyklap bilýän programmasyny taýýarlandyklaryny habar berdiler.

Karnegi Mellon uniwersitetinde döredilen programma emeli usulda ulanyjynyň sesini seljermek bilen, onuň wirusa uçrandygyny ýa-da uçramandygyny anyklap biler. Programmanyň häzirlikçe başlangyç derejededigini hem ýatladyp geçeliň.

Umumy maglumata görä, «COVID Voice Detector» atly programmasy üçin FDA (Iýmit we neşe serişdelerini dolandyryş) ýa-da CDC (Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri) ýaly edaralardan hiç hili rugsat almady. Programmany ulanmak gaty ýönekeý.

Ilki bilen, «COVID Voice Detector» atly programmany ulanmak üçin oňa agza bolmaly. Agza bolanyňyzdan soň ýaş, boý, agram, jyns we etnik ýaly maglumatlary programma bilen paýlaşýarsyňyz. Soň bolsa programma birnäçe sorag bilen ýüzlenýär.

Koronawirus epidemiýasy bilen baglanyşykly bu soraglar üsgülewük ýa-da gyzdyrma barmy ýaly soraglardan başlap, ozal koronawirus testinden geçdiňizmi diýen soraglara çenli bar. Bu ädimleri geçenimizden soň, ses derňew bölümine geçýäris.

Ses derňew bölüminde ilki bilen üsgürmeli. 3 gezek üsgüreniňizden soň, kesgitlenen harplary gaýtalaýarys. Mümkin boldugyça «aaa», «eee», «ooo» diýmeli. Iň soňunda iňlis dilinde 1-den 20-ä çenli sanamaly we synag şu ýerde tamamlanýar.

COVID ses detektory taslamasynyň üstünde işleýän Benjamin Striner, iň amatly koronawirus test programmalaryny öndürmekde uly bäsdeşligiň bardygyny we elýeterli alternatiwalaryň köpdügini aýtdy. Şeýle hem, Striner «COVID Voice Detector» tarapyndan geçirilen ses analiziniň lukmançylyk barlagynyň ýa-da bejergisiniň ornuny tutup bilmejekdigini belläp geçdi. Işlenip düzülen ykjam programmanyň haçan hemmeler üçin elýeterli boljakdygy barada maglumat ýok.

 

«Newashgabat».