Garri Potteriň başdan geçirmeleri baradaky kitaplarynyň awtory Joan Rowling, koronawirus sebäpli karantine alnan çagalar üçin sanly platforma açdy. Ýazyjynyň öz twitterinde ýazmagyna görä, bu platformanyň jömegi bilen çagalar Garri Potteriň dünýäsi bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar diýlip habar berilýär.

Habarda: “Karantinde çagalar bilen işleýän mugallymlara, ene-atalar birazajyk jady gerek. Biz öýde çagalaryň ýüreginiň gysmazlygyny isleýäris, şonuň üçin men uly höwes bilen öz sahypamy açýaryn” diýilýär. Sahypada çagalar jadyly senetleri öwrenip bilerler, şeýle hem wiktorinalara gatnaşyp, jadyly dünýäniň syrly tapmaçalaryny çözüp bilerler.

Mundan başga-da, sahypanyň myhmanlary “Garri Potter we Jadygöýiň daşy” atly audiokitaby iňlis dilinde we başga-da 19 dilde diňläp bilerler.