2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Açyklyk we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler, şolaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar taraplaryň möhüm taslamalaryň çäklerinde bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi bilen berkidilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de ony pugtalandyrmaga çalyşýandyklaryny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Söhbetdeşler taraplaryň köp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyndaky türkmen-tatar gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar barada edýän aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşarky ýagdaýlara garamazdan, öz wagtynda bilelikde görlen çäreleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.