Kompýuteriňiziň monitorynyň uzak wagtlap bökdençsiz işlemegini isleseňiz, onuň ýüzüni spirt, äpişgeleri ýuwmak üçin ulanylýan arassalaýyş serişdeleri, atseton, kir ýuwujy dozalar bilen arassalamaň! Häzirki wagtdaky ähli döwrebap kompýuterleriň ekranynyň ýüzüne şöhlelenmä garşy ýörite goraýjy barda ýerleşdirilýär. Bu bardany spirt bilen arassalamak onuň ýüzünde kiçijik ýaryklaryň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin monitory dürli tozanlardan arassalamagyň iň bir amatly we netijeli usullarynyň biri-de kompýuter satylýan dükanlardan ýörite arassalaýjy serişdeleri almakdyr. Eger-de ýörite arassalaýjy serişdeleri satyn alyp bilmeseňiz, onda siz öý şertlerinde hem ýörite arassalaýjy serişdeleri taýýarlap, öz kompýuteriňiziň monitoryny tämizje saklamagy başararsyňyz. Munuň üçin siz hapalanan monitory sabynly suwa batyrylan esgi bilen (çagalar üçin niýetlenen sabyn bolsa has hem gowy), soňra gury hem-de arassa esgi bilen arassalap bilersiňiz. Şu ýagdaýda ekrana-da, siziň jübiňize-de agram düşmez. Arassalaýan wagtyňyz aýrylmagy kyn bolan yzlaryň galmazlygy üçin monitora barmaklaryňyzy degirmäň! Şonuň ýaly hem ekranyň ýüzünde ýag gatlaklarynyň emele gelmeginiň öňüni alyň! Monitoryň ýüzüni kagyz süpüriji bilen süpüreniňizden soň hem gury esgi bilen ýene bir gezek tämizlämeli. Ýöne bu hereketleri ýerine ýetirýän wagtyňyzda monitoryň ýüzüni gaty güýç bilen basmak bolmaýar. Beýle edilse, ekranyň döwülmegine ýa-da zeper ýetirilmegine getirer.

Monitory guradanyňyzda salkyn ýa-da merkezi ýyladyş ulgamlaryndan, Gün şöhlesiniň göni düşýän ýerlerinden daşda goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Gereginden artyk sowuk, yssy howa monitoryň hem-de kompýuteriň içki bölekleriniň zeperlenmegine eltip bilýär. Şonuň üçin-de diňe bir kompýuter ulanýan wagtyňyz däl, eýsem bolmasa, onuň monitoryny tämizleýän wagtyňyz hem ünsli hem-de hüşgär bolup, dogry hereket etmegi başaryň. Bu aýdýan maslahatlarymyz bolsa birnäçe gezek synagdan geçen usullar hasaplanýar. Şonuň üçin öz erkiňize görä, bulary ýerine ýetirip görüň. Elbetde, arassalaýyş işleriňiz netijeli tamamlanar.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.