Dünýäni gurşap alan koronawirus epidemiýasyna garamazdan, her kimiň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Entoni Joşua – Taýson Fury tutluşygy barada habar gelip gowuşdy. Ähli bökdençliklere seretmezden, bu iki ýyldyz boksçynyň 2020-nji ýylyň dekabrynda ringde garşylaşyp biljekdigi aýdyldy.

Bütin dünýäde adamlaryň durmuşyna öz täsirini ýetirmek bilen, boksçylaryň işine hem ýaramaz täsir eden koronowirusy  2020-nji ýylda geçirilmeli Entoni Joşua – Taýson Fýury duşuşygynyň ykbalyny hem sorag astynda goýupdy.

“Daily Mail” -däki habarlara görä, ähli bökdençliklere garamazdan, iki meşhur boksçy 2020-nji ýylyň dekabrynda ringda duşuşmak isleýärler.

Guramaçy Frank Warren, Taýson Fýurynyň dekabr aýynda Entoni Joşua bilen ýüzbe-ýüz bolmak isleýändigini aýtdy. Warren hemmeleriň bu oýna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny, yza süýşürilmegine garamazdan, bu garşydaşlaryň dekabr aýynda ringa çykyp biljekdigini öňe sürdi.

 

«Newashgabat».