Türkmenistanyň Futzal ligasynyň ýeňijisi Aşgabadyň “Köpetdag” futzal kluby şu ýyl AFK-nyň klublaýyn çempionatynda ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etmäge mümkinçilik aldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.

“Köpetdag” kluby klublaýyn çempionata gatnaşmaga hukuk berýän çakylygyň AFK tarapyndan iberilen dessine ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik alar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy “Köpetdag” futzal klubuna AFK-nyň klublaýyn çempionatyna gatnaşmak üçin ähli tarapdan ýardam edýär.

Ýeri gelende bellesek, futzal boýunça AFK-nyň klublaýyn çempionaty şu ýylyň 2-13-nji dekabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynyň yklym ýaryşynda çykyş etmegi ýurdumyzda futzalyň mundan beýläk hem ösmegi üçin täsirli ädim boljakdygyny aýratyn bellemek gerek.