31-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallaryny synlamakdan başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Institutyň çäginde häzirki zaman sport merkezi, beýleki degişli desgalar bar, munuň özi milli Liderimiziň görkezmeleri boýunça sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz “Galkan” gyş sport merkezine bardy, bu ýerde Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we ministrligiň garamagyndaky institutyň “Nesil” hokkeý toparlary türgenleşýärler.

Hokkeýçiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlary bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.

Institutyň binalar toplumyna döwrebap naharhananyň girýändigini bellemeli. Bu ýerde taýýarlanýan tagamlaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berilýär.

Institutyň binalar toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, olarda hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak hem-de okatmagyň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýokary okuw mekdebiniň zerur bolan enjamlar bilen üpjünçilik derejesi şunuň ýaly ugurdaş okuw mekdeplerine bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.