Makdonalds Braziliýa fast-food zynjyry korona wirus keseli 2019 (COVID-19) ýaýrandan soň «sosial arabaglanyşygy» üpjün etmek üçin nyşanyny üýtgetdi. Anna güni kompaniýanyň resmi «Facebook» sahypasy profil suratyny «M» harpynyň ortasyndan ikä bölünen logotipine üýtgetdi.

Resmi Facebook we Instagram hasaplaryndan logotipiň ikä bölünýändigini we birleşýändigini görkezýän wideo hem ýaýradyldy. Wideoda logotipiň ýanynda portugal dilinde: «Biz ýene bile bolmak üçin, biraz wagtlyk aýryldyk» diýip ýazylan.

«Newashgabat».