30-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda pudakdaky işleriň ýagdaýyna garalyp, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi aýratyn ara alnyp maslahataşyldy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamynda özgertmeleriň öňe ilerledilişi hem-de şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýazky möwsüm barada hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew pudagy ýokary depginler bilen ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, pudakda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga döwletimiziň uly üns berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipelere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şonuň bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan toplumlaýyn goldaw hem-de hemmetaraplaýyn hemaýat edilýändigine, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna garamazdan, pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol kemçilikleriň hatarynda, bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde depginleriň pesdigi agzaldy.

Şunuň bilen baglylykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe käýinç yglan edildi.

Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewe berk käýinç yglan etdi.