Özüňe bolan ynam – durmuşda iň esasy zatlaryň biri. Käbir adamlar käte ruhuçökgünligiň hasabyna özüne bolan ynamyny ýitirip ugraýarlar. Özüňe bolan ynamy ýitirmezlik ýa-da artdyrmak üçin size peýdaly boljak, psihologlar tarapyndan oňlanylýan şu aşakdaky 7 maslahaty taýýarladyk.

  1. Diýýän zatlaryňyza ynamyňyz bolsun!

Biz käte gürrüňe gaplananymyzda, öz diýýän zatlarymyzyň hakykatdygyny ýa-da däldigini unudýarys. Şeýdibem, gürrüňi gümürtiklige eltýäs. Bu bolsa gürrüňdeşimiziň biz baradaky garaýyşlarynyň üýtgemegine getirýär. Netijede, özümize bolan ynamymyz hem pese gaçýar.

  1. Mydama ýylgyrmaga çalşyň!

Ýylgyryş siziň daşky keşbiňize bolmalysyndanam gözel görnüş çaýar. Bu bolsa adamyň özüni gowy duýmagyna, şeýlelik bilen özüne bolan ynamynyň hem has-da artmagyna getirer.

  1. Haýyrsöýer boluň!

Haýyrsöýer adam bolmak, ýagşylyk etmek sizi jemgyýetde sylanýan, degerli bir adama öwrer. Bu-da sizi hem-ä bagtly eder, hemem özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar.

  1. Dogry sözli boluň!

Dogry sözlülik, hakykatçyllyk her bir adamda bolmaly aýratynlykdyr. Şeýle bolanyňyzda töweregiňizdäkileriň hormatyny, ynamyny gazanyp bilersiňiz. Şunlukda, özüňize bolan ynamyňyz artyberer.

  1. Güýçli taraplaryňyzy biliň!

Her kimiň bir aýratynlygy, güýçli tarapy hökmany suratda bardyr. Ana, şony bilmeseňiz, islendik bir ujypsyzja depressiýalar hem sizi ýokary derejede sarsdyryp biler. Bu ýagdaý hem özüňize bolan ynamyňyzyň ýitmegine ýol açar. Munuň tersine, öz güýçli taraplaryňyzy bilmegiňiz özüňize bolan ynamyňyzyň ýokarydygyny aňladýar.

  1. Soňuna çenli göreşmelisiňiz!

Bir dawanyň ýa-da jedeliň garşysynda siziňki dogry bolubam, nähaklyga uçranyňyzda soňuna çenli göreşmek… Bu-da özüňize bolan ynamyňyzy artdyrmak babatda oňyn täsir eder.

  1. Belli bir maksadyňyz bolsun!

Belli bir maksadyňyzyň bolmagy işleriňiziň üstünlikli we rejeli gitmegine getirer. Şol maksat üçin göreşmek, wagtyňyzyň bisarpa ulanylmaýanlygyny aňladýar. Maksady bar adam – özüne ynanýan adam diýmekdir.

 

«Newashgabat».