Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Microsoft kompaniýasy Skype wideo jaň hyzmatyny her gün ulanýanlaryň sanynyň geçen mart aýynda 70% artandygyny habar berdi. Habarda: “Soňky döwürde her gün 40 million adam Skype-dan peýdalanyp başlady, bu bolsa ulanyjylaryň sany aýlyk 70%-den ýokarlanýar diýmekdir” – diýilýär. Mundan başga-da, Skype jaňlarynyň ortaça dowamlylygynyň hem iki esse artandygyny aýdylýar.

Skype 2003-nji ýylda döredildi, onuň ştab-kwartirasy Lýuksemburgda ýerleşýär. 2011-nji ýylda Microsoft “Skype”-y 8,5 milliard dollara satyn aldy.