Islendik adam käte özüni ýalňyz duýup biler. Ýalňyzlyk daş-töweregiňdäki adamlaryň azlygynda ýa-da köplüginde däl-de, şol adamlaryň seniň dünýäňdäki ornuna bagly. Psihologlaryň berýän maslahatlaryna görä, adam ýalňyzlyk dünýäsinden çykmagyň gapysyny özi tapmaly. Bizi ýalňyzlykdan halas etjek, göwnümizi göterýän 8 sebäp barada şu aşakdakylary bilmegimiz zerur.

GÖWNAÇYKLYK

«Göwnaçygyň ýoly açyk». Kimdir biriniň gaýgysyna edil özüňki ýaly gynanyp, şatlygyna begenip bilmek, onuň duýgularyny deň paýlaşmak, ýalňyzlyk dünýäsini terk etmegimiziň ilkinji ýoludyr.

HORMAT-SYLAG

Durmuşymyzda ähli zadyň gaýtargysy, ilkinji nobatda hem, başgalara görkezýän sylag-sarpaňyzyň jogaby bolmaly. Hormata mynasyp adamlaryň sarpasyny belent tutmagy başarsak, özümiz hem sylaga laýyk bolarys.

ELI AÇYKLYK

Mal-döwlet hem, rysgal hem paýlaşmak bilen artýar. Haýsydyr bir ýakynymyzy ýa-da bir ýerlerde duşan ýat adamlary kiçijik zatlar bilen hem begendirip bileris. Kimdir biriniň ýylgyrmagyna sebäp bolmak, bagtly bolmagyny gazanyp bilmek biziň göwnümizi göterer.

GEÇIRIMLILIK

Ýalňyşmaýan adam ýok. Beýiklik – şol günäleri bagyşlamakda. Kalbymyzda öýkedir kineleri saklamak biziň ýalňyz bolmagymyzyň esasy sebäpleriniň biri.

YNAM

Ähli zatdan öňürti ynsanyň özüne söýgüsi, ynamy bolmaly. Öz güýjümize ynanmagy başarmaly. Eger biz ynamymyzy ýitirsek, onuň öwezini doldurjak zady hiç bir ýerden tapyp bilmeris.

UMYT

Ýaşaýşyň gowy taraplaryny görüp bilmek, geljege umytly bolmak, arzuwly ýaşamak ynsana Alla tarapyndan berlen iň gowy ahlak-sypatlaryň biridir. Umytsyz bolmak ýalňyzlygyň çür depesidir.

DEGIŞGENLIK

Degişgen hem güldürmegi başarýan adamlaryň ýeke bolýan pursatlaryna duşýanlar az bolsa gerek. Ynsan öz ýolunyň iň kynçylykly öwrümlerinde hem ýylgyrmaga çalyşmaly. Çünki, şähdaçyklyk kynçylygy ýeňip geçmegiň iň aňsat ýoludyr.

SÜÝJI DILLILIK

Söz – gudratly närse. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak ählimiziň borjumyz. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip biler.

 

«Newashgabat».