29-njy martda howa şertlerine görä, ekişe ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine başladylar.

Şu ýyl demirgazyk sebitimizde 155 müň gektara gowaça ekiler, şonça meýdandan «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Jeýhun», «149F» we beýleki orta süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryna laýyklykda, ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar — dürli kysymly traktorlar, ekijiler, hatar aralaryny bejerýän gurallar bu ekiniň geljekki hasylynyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň takyk depginini üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda tehnikalaryň üsti ABŞ-nyň «John Deere» kompaniýasynyň pagta ýygýan kombaýnlarynyň 300-si bilen ýetirildi. Şu ýyl bolsa bu kombaýnlaryň ýene 300-siniň gelmegine garaşylýar. Şu ýyl ýurdumyza «John Deere» kompaniýasynyň köpugurly traktorlarynyň 155-si, hatar aralaryny bejerýän gurallaryň 155-si hem-de ilkinji gezek sekiz hatarly takyk gowaça ekijileriň 98-si gelip gowuşdy. Olaryň ählisi sanly elektron telematik ulgamy arkaly dolandyrylýar.