Redmi Note 9 5G iň arzan 5G torlaryny ulanmaga mümkinçilik berýän iň arzan smartfon bolar. Satuwda telefonyň bahasy 200 dollardan ýokary bolmaz diýip çak edilýär.

Bu täze model içerki bazarda eýýäm tassyklandy. Smartfona zarýady çalt almagy üçin 22 wattlyk kuwwat berildi diýip, “Astera” ýazýar. Smartfon zarýad beriş tizligi taýdan Redmi Note 9-dan we Pro Redmi Note 9-dan has çaltdyr.

Mundan ozal “Xiaomi” hytaý şereketiniň täze “Redmi Note 9 Pro” orta baha segmentini, şeýle hem “Maksyň” kämilleşdirilen görnüşini köpçülige hödürländigi habar berlipdi. Enjamlaryň aýratynlyklary diýseň meňzeş: iki enjamda hem 4K wideo ýazgylaryna mümkinçilik berýän esasy dört kamera bar.