Sosial torlarda 63 ýaşly Tom  Henksiň hem-de onuň aýalynyň koronowirus bilen keselländigi hakynda habar ýaýrapdy. Är-aýal bir hepde keselhanada boldular we ahyr soňy gutuldylar. Şeýle-de bolsa, olar heniz birnäçe wagtlap karantinde bolmaly bolarlar, munuň üçin olar Awstraliýada jaý kireýine aldylar. Bu hakda aktýoryň wekiline salgylanyp, CNN habar berýär.

Aktýor hem-de onuň aýaly Rita Uilson Awstraliýanyň Kwinslend keselhanasynda bejergi aldylar. Olar 12-nji martda koronawirus bilen keselläp başlapdylar, ýagny Baz Lurmanyň Elwis Presli baradaky filminiň surata düşürilişine gatnaşmak üçin Awstraliýa gelenlerinden kän wagt geçmänkä är-aýalyň özlerini duýşy ýaramazlaşyp ugrapdy. Şonda olar lukmançylyk merkezine ýüz tutdupdylar we barlag koronawirus ýokançlygynyň bardygyny görkezipdi.

15-nji martda aktýor kömek-ýardamy, goldawy üçin sosial ulgamdakylara minnetdarlyk bildirdi we muşdaklaryny birek-birek hakynda alada etmäge çagyrdy.