Barbadosly dünýä belli  aýdymçysy Rianna uzak arakesmeden soň ahyrsoňy muşdaklaryna täze aýdym hödürledi. Aýdymçynyň muşdaklary onuň “dillenerine” dört ýyllap garaşdylar. Rianna beýle uzak arakesmäniň sebäbini düşündirmedi. Indi Ri-Riniň üýtgeşik sesini halaýanlar onuň kanadaly repçi PartyNextDoor bilen ýazylan täze “Believe It” aýdymyny diňläp bilerler.

Riannanyň täze aýdymy juda owazly we romantiki äheňlerden doly. Aýdymda aýdymçylaryň ikisi hem aşyklaryň söýgüsidir wepalylygy hakda aýdýarlar. Muşdaklar aýdymyň kompozisiýasyndan hoşal boldular we şahsy sosial ulgamlarynyň teswirlerinde aýdymçynyň üstüne öwgüli sözlerini ýagdyrdar.

Ýene bir bellemeli zat, kanadaly repçi PartyNextDoor ýaňy-ýakynda tanyşdyran täze albomyna Rianna bilen bilelikde aýdan “Believe It” aýdymyny hem goşdy.