Bütin dünýäde bary-ýogy 400 sany öndürilen «A110 Legende GT» modeliniň önümçiliginde, ozal bar bolan «A110 Legende» modelinden ylham alyndy.

Uzak möhletleýin meýilnamasynyň çäginde täze ädimler ätmek bilen, «Renault Group»-yň «Alpine» markasy çäkli mukdarda «110 Legende GT» modelini hödürleýär. Täze modeliň salon bilen birlikde daşky dizaýnynyň hem kämilligi we özüne çekijiligi ony beýleki modellerden bir ädim öňe saýlaýar.

Häzirki wagta çenli iň owadan A110-yň peýda bolmagyna sebäp bolan modeliň tanyşdyrylmagy markanyň iň meşhur sport awtoulag müşderilerini özüne çekýär.

Üç reňkde öndürilen «A110 Legende GT» modeliniň 1.8 litrlik turbo hereketlendirijisi 252 at güýjüne eýe. A110 Legende GT – 100 km/sag tizlige 4,5 sekuntda ýetýär we onuň iň ýokary tizligi 250 km/sag bolup durýar.

 

«Newashgabat».