Dünýäniň köp ýerinde ýer titremeleri ýaly tebigy hadysalara ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Şu nukdaýnazardan ýer titremelerinden goramak üçin işlenip düzülýän ulgamlaryň gerimi günsaýyn giňeýär.

MIT-de işleýän alymlar tarapyndan işlenip düzülen täze mehanizmiň kömegi bilen ýer titremeleriniň zyýansyz ýagdaýda öňi alnar we kömürturşy gazynyň zyňyndylary ýer astynda has netijeli saklanar.

Alymlar tarapyndan işlenip düzülen bu ulgam diňe laboratoriýa gurşawynda synag edildi. Alnan başga bir maglumata görä, ýakyn wagtda laboratoriýa gurşawynyň şertlerinden daşarda hem synag edilip bilner. Dünýäde bolup geçýän ýer titremeleri we bu ýer titremeleriň üýtgeýän intensiwligi olary hasaba almakda kynçylyk döredýär. Şol sebäpli emeli intellekti ulanmak arkaly işlenip düzülen täze mehanizmiň kömegi bilen geljekde ýer titremesiniň güýjüni ölçemek has aňsat ýagdaýda durmuşa geçirilip bilner.

MIT täze ulgam bilen emeli (synag maksatly) ýer titremelerinden ýokary ýygylykly maglumatlaryň böleklerinde «gizlin arabaglanyşyklary» tapmak üçin konwolýusiýa nerw ulgamlaryny ulanýar.

Algoritmik kartanyň kömegi bilen, bu torlar pes ýygylykly tolkunlaryň we dogry şertler bilen bilelikde ýerasty gurluşlaryň hereketleri barada has takyk netijeleri gazanmagy ýeňilleşdirer.

 

«Newashgabat».