Köp kompaniýalar indi kosmos gözleglerine we işlerine maýa goýýarlar. Aslynda, elektrik togy bilen hereket edýän awtoulaglary öndürmekde adyndan söz etdirýän «Tesla» kompaniýasynyň eýesi Elon Mask ýörite kosmos gözlegleri üçin «SpaceX»-i hem esaslandyrdy. Beýleki tarapdan, hytaý awtoulag kompaniýasy hemra ulgamyny döretmek kararyna geldi. Hytaýyň  ägirt awtoulag kompaniýalarynyň biri bolan «Geely» bu ugurda çynlakaý iş alyp barýar.

Hytaýyň iň uly awtoulag öndürijisi bilen işleşýän şereketler eýýäm hemra ulgamynda işe başladylar. Ulagdaky baglanyşyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýurtdaky iň uly hususy awtoulag öndürijisine ýüz tutan Hytaý bu ugurda hemra işine girdi.

Hytaýyň awtoulag ägirdi «Geely» diňe bir ýolagçy awtoulaglary üçin däl, eýsem ýolagçy uçarlary, ýokary tizlikli otlular we ýük awtoulaglary ýaly tehnikalary hem öndürýär. Şol bir wagtyň özünde, «Wolwa» bilenem 10 ýyl bäri işleşip gelýär.

«Geely» öz emeli hemrasyny döretmek ugrundaky tagallalaryny akylly we üç ölçegli hereket ekosistemasyna goşant goşmak üçin zerur ädimleri bilen düşündirýär. Ýaňy-ýakynda bu kompaniýa Hytaýyň Žejiang böleginde ýerleşýän port şäheri Taižou şäherinde hemra önümçilik desgasyny we synag merkezini açjakdygyny resmi taýdan yglan etdi.

Bu desga dürli hemra ulgamlaryny hem öndürer. «Geely-niň» taslama üçin takmynan 326 million dollar sarp edendigi we ýylyň ahyrynda 500 töweregi hemra öndürjekdigi barada aýdylýar.

 

«Newashgabat».