Armani Group Italiýadaky ähli zawodlarynyň işini koronawirusa garşy göreşýän lukmançylyk işgärleriniň şahsy goragyna niýetlenen bir gezek ulanylýan ýektaýlary öndürmäge gönükdirjekdigini mälim etdi. Bu barada Giorgio Armaniniň beýanatyna salgylanyp, ANSA habar berýär. Şeýle hem meşhur dizaýner Italiýadaky lukmançylyk edaralaryna maliýe kömegini artdyrmagy meýilleşdirýär, haýyr-sahawatyň umumy möçberi 2 million ýewro barabar bolar.

Beýleki moda brendleri we dizaýnerleri hem dünýäde koronawirusa garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreş üçin öz hyzmatlaryny hödürlediler. Aýratyn-da, Louis Vuitton, Givenchy we Christian Dior ýaly meşhur markalary öz içine alýan köpmilletli LVMH kompaniýasy Fransiýada atyr öndürmek üçin niýetlenen önümçilik kuwwatyny el arassalaýjy enjamlary öndürmäge gönükdirjekdigini we önümleri häkimiýetlere mugt bermek isleýändigini mälim etdi.

Mundan başga-da, Gucci kompaniýasy hem Italiýanyň saglygy saklaýyş işgärleri üçin bir milliondan gowrak hirurgik maska ​​we 55,000 lukmançylyk ýektaýyny öndürdi we peşgeş berdi.

Köp kompaniýalar, hususan-da Versace we Bulgari brendleri COVID-19 bilen kesellänleri bejermek bilen meşgullanýan lukmançylyk edaralaryna maliýe kömegi berdiler.