Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmegiň esasy ugurlaryna we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.