2020-nji ýylyň Ýokary liga futbol klublarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň, ýaşlar toparlarynyň (dublýorlar) arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň Birinjiliginiň hem-de futzal boýunça Naýbaşy liganyň oýunlary wagtlaýynça soňa süýşürildi.

Ýokarda agzalan ýaryşlarynyň nobatdaky duşuşyklarynyň geçiriljek seneleri goşmaça habar berler.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagta çenli ýurdumyzyň futbol çempionatynda üç tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Geçirilen duşuşuşyklaryň netijesinde 7 utuk toplan “Köpetdag” futbol kluby öňdeligi eýeleýär. Futzal boýunça Naýbaşy ligasynda hem üç tapgyr yzda galdy.