Köpimiziň gündelik durmuşymyzda iýmit hökmünde ulanýan erigiň maňzynyň örän köp peýdaly taraplary bardyr. Olaryň käbirini bilýän bolsaňyzam, aglabasyny heniz eşidenem dälsiňiz. Şolaryň esasylaryny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik.

  1. Immuniteti artdyrýar.

Erigiň maňzynyň adam organizmine zeper ýetirjek keselleri ýaýradyjy mikroblary, bakteriýalary ýok edip, immuniteti kuwwatlandyrmak aýratynlygy bardyr.

  1. Agyrylary aýyrýar.

Erik maňzy käbir agyrylaryň gönüden-göni dermanydyr. Olardan esasylary hökmünde kelle agyrysyny, iç agyrysyny agzamak bolar.

  1. Ýokary gan basyşyny düşürýär.

Alymlar tarapyndan bellenilmegine görä, erik maňzy ýokary gan basyşyny düşürmekde uly ähmiýete eýedir.

  1. «Grip» keseliniň emi.

Kimde-kim «grip» bilen göreşýän bolsa, onuň uzaga gitmezliginiň emi-ýomy erigiň maňzydyr.

  1. Bedeni nemlendirmekde uly goşandy bar.

Käbir adamlar bedeniniň guraklygyndan şikaýat edýärler. Indi, olaryň şikaýaty azalsa gerek.

  1. Bedene örgün örmegine garşy aýratynlygy bar.

Içinde köp mukdarda A witamininiň barlygy sebäpli, erik maňzy bedene her dürli örgün örmegine garşy iň gowy ýaragdyr.

  1. «Rak» keseliniň öňüni alyjy iň gowy serişdedir.

Erik maňyzy «rak» keseliniň bakteriýalarynyň işjeňleşmegini we olaryň organizme ýaýramagyny bökdeýär.

 

«Newashgabat».