Twitteriň esaslandyryjysy we baş direktory Jek Dorsi wezipesinden boşadylyp bilner. Kompaniýanyň esasy maliýeleşdiriş şereketi Elliott Management, Dorsiniň gitmegi ýaly birnäçe üýtgeşmeleri meýilleşdirýär. Dorsi ABŞ-nyň saýlawlaryndan öň Twitterde syýasy mazmunly mahabatlary gadagan etmek bilen özüne garşy uly seslenme döredipdi.

Bu wezipe üýtgeşmesiniň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlaryndan öň boljakdygy bellärliklidir. Çünki soňky ýyllarda ses berlişikde sosial media ulgamy hem esasy wajyplyklaryň birine öwrüldi. «Facebook»-dan tapawutlylykda «Twitter»-iň ses berlişik üçin aýratyn penjiresi hereket edýär we oňa hatda kompaniýanyň esaslandyryjysy J.Dorsiniň özi-de gözegçilik edip bilenok. Şunlukda, ses berlişik öz takyklygyny saklap galýar.

Jek Dorsi şol bir wagtyň özünde «Square» kompaniýasynyň hem baş direktory bolup durýar. Muňa garamazdan, ol gazanylýan paýnamalaryň pesligi zerarly ýygy-ýygydan tankyt edilýär.

«Twitter» platformasy syýasy mahabatlary berk gadagan etmegi bilen ünsi çekýän hem bolsa, kompaniýanyň başlygy Jek Dorsi D.Trumpa garşy garaýyşlary bilen tanalýar. Dorsiniň kompaniýanyň ýolbaşçylygyndan aýrylmak ähtimallygy, ýönekeý ýolbaşçy çalşygyndan has köp zady aňladyp biler.

 

«Newashgabat».