Täze paýdaryň talaby esasynda Twitteriň baş direktory wezipesinden aýrylmagyna garaşylýan Jek Dorsi, Elon Mask tarapyndan goldaw aldy.

«Twitteriň 5% göterim paýynyň eýesi bolan «Elliott Management»-iň kompaniýada birnäçe üýtgeşme girizjekdigi, şol sanda Dorsiniň baş direktorlyk wezipesinden aýrylmagy üçin çäre görjekdigi hakyndaky habarlar metbugatda öz beýanyny tapdy.

Mask twitter hasabynda ýazan blogunda «Twitteriň baş direktory Jeki goldaýanlygymy aýtmak isleýärin, onuň päk ýüregi bar» diýdi.

Baş direktoryny birbada iki, ýagny «Square» we «Twitter» kompaniýalarynyň baş direktorlyk wezipesini eýeleýändigi sebäpli, Jek Dorsiniň Twittera ýeterlik üns bermeýändigi barada aýdylýar. Şeýle hem, «Elliott Management»-iň baş direktory çalyşmak bilen başlanýan çynlakaý üýtgeşme meýilnamasynyň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň prezident saýlawyndan öň amala aşyryljakdygy jedelli gürrüňleriň döremegine sebäp bolup durýar.

Başga bir tarapdan, Jek Dorsi Twitteriň işgärlerinden hem goldaw aldy. Olar Twitterde «#webackjack» (biz Jekiň arkasynda) belligi bilen habar paýlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Elon Mask «Tesla» hem-de «SpaceX» ýaly iri kompaniýalarynyň baş direktory bolup durýar.

 

«Newashgabat».