Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan koronowirus bütin dünýä öz täsirini ýetirýär. Mundan biraz wagt öň howanyň gyzmagy netijesinde koronowirusyň täsiriniň we ýaýramak tizliginiň azaljagy barada çykan habarlara Berliniň Charite Wirusologiýa institutynyň başlygy Kristian Drosten tarapyndan teswirleme berildi. ABŞ-da geçirilen gözleglerde Drosten koronowirusyň täsiriniň howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen azaljagyna ynam bildirmeýändigini aýtdy.

Epidemiologiýa boýunça hünärmen, ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Dýuk uniwersitetinden professor Greg Greý howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagynyň wirusyň täsiriniň we ýaýramagynyň peselmeginde rol oýnap biljekdigini aýdypdy. Şeýle-de bolsa, ABŞ-da geçirilen gözlegleriň netijesi, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy bilen koronowirusyň ýaýramagynyň täsiriniň azaljakdygyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny görkezdi.

«Newashgabat».