Şeýle netijä Plimut uniwersitetiniň alymlary tarapyndan gelindi. Olaryň bu babatdaky gözlegleri «Environmental Pollution» žurnalynda çap edildi.
Soňky on ýylda Rame Peninsula Beach Care we LEGO Lost at Sea Project guramalaryndan bolan ekologiýa aktiwistleri Angliýanyň Günorta-Günbatar kenarlarynda yzygiderli geçirilýän kenar arassalaýyş işleriniň dowamynda müňlerçe konstruktor detallaryny we beýleki plastik galyndylary tapdylar. Konstruktor bölekleriniň köpüsi plýaža barlanda çagalardyr ulular tarapyndan ýitirilen ýa-da hojalyk taşlandylary bilen zyňlan, soňra bolsa nähilidir bir sebäpler bilen ummana düşen bolmaly.

lymlar laboratoriýada barlamak üçin akrilonitril butadien stireninden (ABS) ýasalan 50 sany LEGO bloguny aldylar. Her bir detalyň himiki aýratynlyklary rentgen floresan spektrometriniň (XRF) kömegi bilen kesgitlenildi. Önümleriň ýaşy bolsa LEGO önümçiliginde indi ulanylmaýan materiallaryň düzümi boýunça kesgitlenildi.

Barlagçylar 1970-1980-nji ýyllarda öndürilen birnäçe detalyň esasynda olaryň dargama-könelme derejesini we deňiz suwlarynda näçe wagtlap saklanyp biljekdigini kesgitlediler. Alymlaryň pikiriçe, ownuk bölekler 100 ýylda çüýreýär, has uly bölekleriň çüýremesi bolsa 1,3 müň ýyla çekip biler.
“Biziň synag geçiren detallarymyz ýumşady we reňki gaçdy, käbir gurluşlar böleklere bölündi. Bu bolsa üýtgemän galan bölekler ýaly, olaryň mikroplastiklere bölünip biljekdigini görkezýär. Munuň özi ýene bir ýola hojalyk predmetlerini gaýtadan işlemegiň ähmiýetini orta çykarýar” – diýip, gözlegleriň baş awtory Endrýu Turner belleýär.

Ozal fizikler LEGO kublaryny absolýut nol derejä çenli sowadyp görüpdiler. Barlagyň netijesine görä, bu plastik detallar we şuňa meňzeş beýleki gurluşlar absolýut nola ýakyn temperaturada ýylylygy geçirilmeýär diýen ýaly eken.