160 ýyl mundan ozal Çarlz Darwin tarapyndan öňe sürlen süýdemdirijileriň ewolýusiýasynda haýwan görnüşleriniň esasy roly Kembrij uniwersitetiniň biologlary tarapyndan subut edildi. Olaryň bu babatdaky işi “Proceedings of the Royal Society” atly žurnalda çap edildi.

Gözlegiň netijesine görä, alymlar Çarlz Darwiniň öz  “Görnüşleriň gelip çykyşy” atly meşhur eseriniň ikinji babyndaky: “Haýwanlaryň köp görnüşli uruglary bu görnüşleriň has köp özgerişlerini öz içine alýan bolmaly” diýen pikirini subut etmek kararyna geldiler. Eseriň awtorlaryndan biri – biolog Laura van Holşteýniň pikiriçe, gözlegler süýdemdirijileriň ewolýusiýasynda haýwan görnüşleriniň möhüm roluny tassyklady.

Mundan ozal alymlar beýik alymyň bu teoriýasyny barlap görmändiler, sebäbi ýüzlerçe haýwanyň we olaryň görnüşleriniň genetiki gözleglerini geçirmek üçin ummasyz çykdajy zerurdy. Ýöne bu gözlegde alymlar soňky asyrlarda tebigatşynaslar tarapyndan toplanan dürli süýdemdirijileriň taksonomik maglumatlaryny we görnüşleriniň teswirlemesini ulanmak kararyna geldiler. Bu maglumatlara esaslanyp, alymlar süýdemdirijileriň ewolýusiýa şejeresini düzdüler hem-de onda bolup geçen özgerişleri gözlediler. Hasaplamalar, hakykatdan-da, köp sanly süýdemdirijileriň has çalt ösendigini görkezdi. Ullakan bir görnüş dürlüligi bolmadyk urugdaşlar uzak wagtlap ösüşiň şol bir basgançagynda galdylar.

Mundan başga-da, iňlis biologlary deňizde we uçýan süýdemdirijilerde ewolýusiýa ösüşiniň gury ýerdäkilere garanyňda has çalt bolup geçendigini anykladylar. Alymlar bu ýagdaýy, süýdemdirijileriň suwda we howada has köp hereket etmek erkinligi bilen baglanyşdyrdylar, bu bolsa, olaryň pikiriçe, Darwiniň teoriýasyna laýyklykda täze görnüşleriň we içki görnüşleriň has işjeň emele gelmegine goşant goşdy.