Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmagynyň mümkindigini mälim etdi. Döwlet Baştutany muny Döwlet Dumasynda eden çykyşynda aýtdy.

Putin, eger ýurduň Konstitusiýasy bu babatda karar kabul etse, ol karar Konstitusiýa ters gelmese, indiki prezident saýlawlaryna gatnaşyp biljekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, rus Lideri Konstitusiýada amala aşyryljak goşmaçalary rus raýatlary tarapyndan sese goýulmalydygyny nygtady.

Döwlet Dumasy nobatdaky saýlawlara Putiniň gatnaşyp biljekdigini tassyklaýan goşmaçalary bireýýäm taýýarlady.

Birnäçe wagt mundan ozal, Putin prezidentiň möhleti bilen bagly çäklendirmäni ýatyrmak baradaky teklibi makullamaýandygyny aýtdy.

Ýurduň konstitusiýasyna üýtgetme girizmek baradaky kanun taslamasy 20-nji ýanwarda Mejlisiň aşaky palatasy tarapyndan teklip edildi. Bu inisiatiwa indi parlamentiň iki palatasy we sebitdäki kanun çykaryjylar tarapyndan ýurduň prezidentine tassyklamak üçin hödürlenýär. Ses bermek diňe resminama döwlet baştutany tarapyndan tassyklanandan soň geçirilýär.

Ses berilşik apreliň 22-ne meýilleşdirilýär.

 

«Newashgabat».