Şol sebäpli Bill Geýts kompaniýanyň direktorlar geňeşinden çykdy diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar. Habarlara görä, Bill Geýts global meselelere, ýagny saglyga, ösüşe, bilime goşant goşmak üçin has köp serişde we wagt sarp etmeli diýen karara geldi.

Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts, mundan beýläk kompaniýanyň tehnologiýa boýunça baş müdiriniň geňeşçisi bolup işlemegini dowam etdirer. 2014-nji ýylda Bill Geýts Microsoft-yň direktorlar geňeşinden çekilip, öz wezipesini Jon Tompsona boşadyp berdi.

Microsoft kompaniýasy 1975-nji ýylda Bill Geýts we Pol Allen tarapyndan esaslandyryldy. Onuň ştab-kwartirasy Waşington ştatynyň Redmond şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa programma üpjünçiligini ösdürmekde uly işler bitirmegini dowam edýär. Ol, esasanam, Windows operasiýa ulgamynyň awtory hökmünde tanalýar.

Ýatladyp geçsek, Bill Geýtsiň baýlygy 110,4 milliard dollar bolup, ol milliarderleriň arasynda 3-nji orunda durýar.

 

«Newashgabat».