«Body Mass Index» – bedeniň agyrlyk indeksi bolup, uly ýaşlylarda agramy synplaşdyrmak üçin ulanylýar. Ýagny, göwrämiziň hakyky agramy boýumyzyň kwadratyna bölünýär. Aýdaly, agramymyz 81 kg, boýumyz 1,82 sm. Onda,

24,4

Biziň agyrlyk indeksimiz kadaly agram synpyna degişli.

Indeksa görä, agramlaryň synplaşdyrylyşy:

Hor: 18,5-e çenli;

Kadaly: 18,5-den 24,9-a çenli;

Semiz: 24,9-dan 29,9-a çenli;

Aşa semiz: 29,9-dan 34,9-a çenli;

Adatdan daşary semiz: 34,9-dan ýokary.

Hasaplaň we agyrlyk indeksiňiz bilen tanşyň!

 

«Newashgabat».